Mýunhende germaniýaly lukmanlaryň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge goşan goşantlaryna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ol şäheriň taryhy «Baýrişer Hof» otelinde boldy. Bu çäre ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
Lýudwig-Maksimilian adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň öňdebaryjy hünärmenleri: kardiohirurg Iogann Engelbert Meýsner, şeýle-de Klaus Georg Parhofer, Lizl Doris Hoýsserman-Mangold we Folkmar Ýansson Türkmenistanyň ilçisi Berdimyrat Rejepowyň elinden «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medallaryny we kümüş ýadygärlik nyşanlaryny aldy.
Sylaglanan lukmanlar türkmen hünärmenlerini taýýarlamakda we ýurduň lukmançylyk merkezlerine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly hyzmatlary bitirdi. Olar bu işe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri gatnaşyp gelýär.
Ilçi iki ýurduň lukmanlarynyň arasynda ynamly dialogyň ýola goýulmagyna ýardam beren köpýyllyk hyzmatdaşlyk we tejribe alyş-çalşygy üçin hünärmenlere minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde, lukmanlar soňky onýyllyklarda Türkmenistanyň lukmançylyk infrastrukturasynyň düýpli döwrebaplaşdyrylandygyny we sebitde iň döwrebap ulgamlaryň birine öwrülendigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...